| Ashgabat | 29°C
Tenderlar
Ähli Çig mal we düzüm bölekleri Önümçilik enjamlary Ulag we logistika Hyzmatlar Edaralar uçin enjamlar Gurluşyk Maddy-tehniki serişdeler
Все статусы Açyk Ýapyk
Hyzmatlar Açyk
“Türkmennebit” gazturbina hereketlendirijilerini düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanynyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri (potratçylary) saýlap almak boýunça tender toparynyň adyndan НК-16СТ we НК-16-18СТД gazturbina hereketlendirijileri we olaryň modullaryny düýpli abatlamak boýunça No.217 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz. +993 12 40-39-93 +993 12 40-39-90 +993 12 40-31-67 +993 12 40-31-17 +993 12 40-36-04 Faks: +993 12 40-39-24
Hyzmatlar Açyk
“Türkmengeologiýa” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda kesgitleýän toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №01/26(1) belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Lot №2 – Umumy zawod, tehnologiki, buraw enjamlary Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin 500 amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBüS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bäskeşik teklipli bukja berilýän bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk taýýarlanylmalydyr. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Hasap almak üçin ýüztutmany gazetde şu bildirişiň çap edilen senesinden başlap 29 iş gününden gijä galman tabşyrylmalydyr. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.tmgeology.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz. +993 12 40-34-52 +993 12 40-34-54 Faks: +993 12 40-34-53 Tehniki soraglar boýunça: +993 12 40-34-66 Elektron salgylary: tdk@tmgeology.gov.tm marketing@tmgeology.gov.tm Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Hyzmatlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çaginde 2027-2030-njy ýyllarda çeýe NKT desgasyny peýdalanmak bilen esasy we ugurdaş hyzmatlary bermek boýunça bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza; Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar; Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir. Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 44-54-34 Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Hyzmatlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy perforasiýa işleri boýunça bäsleşik yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çaginde 2027-2030-njy ýyllarda guýulary we sliklaýnlary (Tanap tehnikasyny) synagdan geçirmek, perforasiýa etmek boýunça №CIT-26033-SR belgili bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza; Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar; Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir. Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz. +993 12 44-54-34 Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Hyzmatlar Açyk
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi mahabat materiallary bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi mahabat materiallary bilen üpjün etmek boýunça RFQ No TUR_04_2026 belgili bäsleşik boýunça teklipleriňizi hödürlemäge çagyrýar. Bäsleşik resminamalaryny almak üçin görkezilen salga geçiň: RFQ/TUR/04/2026 | OSCE Procurement Tassyklanan bäsleşik teklipleriňizi, A we B goşundylary diňe e-poçta bilen ibermegiňizi haýyş edýäris: Tender-TM@osce.org Başga e-poçta salgysyna iberilen ýa-da kagyza çykardylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Bäsleşige degişli ähli soraglar boýunça Procurement.CiAsh@osce.org e-poçta ýüz tutup bilersiňiz. Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 27-nji awgustyna ýerli wagt bilen 14:00 çenli kabul edilýär.
Hyzmatlar Açyk
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky buraw erginini arassalaýyş blogunyň kärendesi boýunça bäsleşik yglan etdi
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy buraw erginini arassalaýyş blogunyň kärende hyzmatlary boýunça rus rublda №2026/43 belgili bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: KhalilulinBS@tatneft.tatar Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993-61-49-57-47 Tehniki soraglar boýunça şu aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993-65-81-70-29 Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Hyzmatlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy elektrik desgalaryny abatlamak boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançanyň çägindäki günbatar “B” blogunyň elektrik desgalaryny we suw ýygnaýjy enjamlaryny abatlamak boýunça №CIT-26099-SR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Bäsleşige gatnaşmak üçin arza Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir. Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993-12-44-52-00 (5701) Faks: +993-12-44 50 44
Hyzmatlar Açyk
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky telemetriýa hyzmatyny bermek boýunça bäsleşik yglan etdi
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki talaplara laýyklykda guýularda burawlaýyş işleri döwründe telemetriýa hyzmatyny bermek boýunça türkmen manadynda we rus rublda №2026/40 belgili bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgyna iberilmelidir. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59 Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: KhalilulinBS@tatneft.tatar Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993-62-58-68-81 Tehniki soraglar boýunça +993-62-60-07-11 belgisine jaň edip ýa-da SalikhovRIr@tatneft.tatar elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.
Hyzmatlar Açyk
“Türkmennebit” DK ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek üçin teklipleri işläp taýýarlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanynyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender toparynyň adyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak boýunça No.208 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Halkara bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän, bu ugurda azyndan 10 (on) ýyl iş tejribesi bolan öndürijiler ýa-da lisenziarlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary [www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm), [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Elektron salgysy: [fer@turkmennebit.gov.tm](mailto:fer@turkmennebit.gov.tm). Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993 12 40-39-93 +993 12 40-37-85 +993 12 40-35-68 Faks: +993 12 40-39-24 +993 12 40- 39-90
Hyzmatlar Açyk
Türkmenistanda «Arkadag» teleýaýlymynyň enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Teleвидeniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Arkadag» teleýaýlymy üçin döwrebap enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça halkara bäsleşigi yglan etdi. Bäsleşigine telewideniýe enjamlaryny üpjün etmek hem-de gurnamak boýunça tejribesi bolan kompaniýalar çagyrylýar. Gatnaşmak isleýän kompaniýalar doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, ýazmaça arza tabşyrmaly. Şeýle hem olar bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly, tehniki talaplary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly, enjamlaryň hilini we öndürijisini tassyklaýan resminamalar bilen bilelikde täjirçilik teklibini taýýarlamaly. Bäsleşige tabşyrylan resminamalar degişli töleg hasaplaşyk hasabyna gelip gowşandan soň garalar. Teklipler şu ýylyň 29-njy awgustyna, ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde kabul edilýär. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi. Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! Faks: 92-52-42 E-poçta: turkmentv@sanly.tm
(+993 12) 44-24-24 / 44-22-00
Hyzmatlar Açyk
“Tatneft” JPJ dizel elektrik beketlerini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy dizel elektrik beketlerini düýpli abatlamak boýunça türkmen manadynda №2026/38 belgili bäsleşigiň möhletini uzaldýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin: * bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); * tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler. Bäsleşik teklipleri “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salga iberilmelidir. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: [KhalilulinBS@tatneft.tatar](mailto:KhalilulinBS@tatneft.tatar) Tehniki soraglar boýunça: +993-62-74-18-80 belgisine jaň edip ýa-da [KrivilevYD@tatneft.tatar](mailto:KrivilevYD@tatneft.tatar) elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, T. Satylow köçesi, 59.
+993-61-49-57-47
Hyzmatlar Açyk
“Türkmennebit” DK ýolagçy lifti satyn almak we gurnamak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanynyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri (potratçylary) saýlap almak boýunça tender toparynyň adyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 6-njy sehiniň PPL desgasyndaky ýolagçy liftini sökmek, täze lifti üpjün etmek, gurnamak, synagdan geçirmek we işe girizmek boýunça No.209 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär.Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary [www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm), [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz
1 2 Öňe

Görkezilen 16 dan 1–12