| Ashgabat | 21°C
Tenderlar
Edaralar uçin enjamlar Açyk
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsulluk gullugynda ulanylýan stikerleri satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsulluk gullugynda ulanylýan stikerleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler satyn alynjak stikerleriň esasy tehniki şertlerini bildirişiň metbugatda çap edilen gününden başlap, 15 senenama gününiň dowamynda Daşary işler ministrliginden alyp bilerler. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 12 44-56-97 +993 12 44-56-83
Edaralar uçin enjamlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasy üçin dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça № CIT-26055-MR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Bäsleşige gatnaşmak üçin arza; Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat; Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi. Arzalar bildirişiň oilgas.gov.tm saýtynda çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir. Habarlaşmak üçin: Telefon: +993-12-44-52-00 (5701) Faks: +993-12-44-50-44
Edaralar uçin enjamlar Açyk
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Lot №5 — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby lukmançylyk gullugy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda ministrligiň binasynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 40-04-79