| Ashgabat | 32°C
Tenderlar Türkmenistanda «Arkadag» teleýaýlymynyň enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Hyzmatlar Açyk

Türkmenistanda «Arkadag» teleýaýlymynyň enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Описание

Türkmenistanyň Teleвидeniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Arkadag» teleýaýlymy üçin döwrebap enjamlary satyn almak we gurnamak boýunça halkara bäsleşigi yglan etdi. Bäsleşigine telewideniýe enjamlaryny üpjün etmek hem-de gurnamak boýunça tejribesi bolan kompaniýalar çagyrylýar. Gatnaşmak isleýän kompaniýalar doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, ýazmaça arza tabşyrmaly. Şeýle hem olar bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly, tehniki talaplary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly, enjamlaryň hilini we öndürijisini tassyklaýan resminamalar bilen bilelikde täjirçilik teklibini taýýarlamaly. Bäsleşige tabşyrylan resminamalar degişli töleg hasaplaşyk hasabyna gelip gowşandan soň garalar. Teklipler şu ýylyň 29-njy awgustyna, ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde kabul edilýär. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi. Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! Faks: 92-52-42 E-poçta: turkmentv@sanly.tm
Habarlaşmak
(+993 12) 44-24-24 / 44-22-00
Tenderlere gaýdyp barmak