| Ashgabat | 32°C
Tenderlar “Tatneft” JPJ dizel elektrik beketlerini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
Hyzmatlar Açyk

“Tatneft” JPJ dizel elektrik beketlerini düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Описание

“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy dizel elektrik beketlerini düýpli abatlamak boýunça türkmen manadynda №2026/38 belgili bäsleşigiň möhletini uzaldýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin: * bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); * tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler. Bäsleşik teklipleri “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salga iberilmelidir. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: [KhalilulinBS@tatneft.tatar](mailto:KhalilulinBS@tatneft.tatar) Tehniki soraglar boýunça: +993-62-74-18-80 belgisine jaň edip ýa-da [KrivilevYD@tatneft.tatar](mailto:KrivilevYD@tatneft.tatar) elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, T. Satylow köçesi, 59.
Habarlaşmak
+993-61-49-57-47
Tenderlere gaýdyp barmak