| Ashgabat | 28°C
Tenderlar
Ähli Çig mal we düzüm bölekleri Önümçilik enjamlary Ulag we logistika Hyzmatlar Edaralar uçin enjamlar Gurluşyk Maddy-tehniki serişdeler
Все статусы Açyk Ýapyk
Hyzmatlar Açyk
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma tölegsiz tertipde kabul edilýär. Elektron salgysy:mlsp@mlsp.gov.tm Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 39-48-49 / +993 12 39-48-93
Hyzmatlar Açyk
Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK
1. LOT № 164. Şpaklýowka satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy. 2. LOT № 183. Döwlet arassaçylyk we keselleriňýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyňAýratyn howply ýokanç keselleriňöňüni alyş merkeziwe onuňbölümleri üçin awtoulag tekerlerini satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 3. LOT № 216. «Galkan töleg» programma ulgamyny kämilleşdirmek üçin gerekli enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi. 4. LOT № 229. Olimpiýa şäherçesine degişli sowadyjy ulgamyna (çillerine) gerekli kompressor ýagyny we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 5. LOT № 238. Serwer enjamlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi. 6. LOT № 278. Enjamlary we esbaplary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti. 7. LOT № 287. Köpetdag etrap Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniňhasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyňdaşky keşbini we girelgelerini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 8. LOT № 302. Kaka etrabyndaky kuwwaty 30 müňkub metr bolan suw arassalaýjy desgadan Duşak şäherçesine barýan eltiji suw geçiriji ulgam üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. Bäsleşik 2026-njy ýylyň5-nji awgustynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň4-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär. Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 17-nji iýul sanynda habar berilýär.
39-46-39 / 39-46-38.
Hyzmatlar Açyk
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ministrlik hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer, şeýle-de maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar degişli maglumatlaryministrlikden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler 30 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 17-nji iýul sanynda habar berilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Goşmaça görnüşde aşakdaky maglumatlara ýüz tutup bilersiňiz! Internet saýty: http://mlsp.gov.tm Elektron salgysy: [mlsp@mlsp.gov.tm](mailto:mlsp@mlsp.gov.tm)
39-48-49 / 39-48-93.
Hyzmatlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy 2024–2025-nji hasabatlyk döwri üçin maliýe hasabatynyň garaşsyz audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary arkaly bäsleşige gatnaşyp bilerler: Bäsleşige gatnaşmak üçin arza Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir. Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. Goşmaça maglumatlar üçin aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993-12-44-52-00 (5701) / +993-12-44 50 44
Yza 1 2

Görkezilen 16 dan 13–16