Описание
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançanyň çägindäki günbatar “B” blogunyň elektrik desgalaryny we suw ýygnaýjy enjamlaryny abatlamak boýunça №CIT-26099-SR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
Bäsleşige gatnaşmak üçin arza
Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat
Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi
Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.
Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993-12-44-52-00 (5701)
Faks: +993-12-44 50 44