| Ashgabat | 30°C
Tenderlar “Türkmennebit” DK ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek üçin teklipleri işläp taýýarlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
Hyzmatlar Açyk

“Türkmennebit” DK ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek üçin teklipleri işläp taýýarlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi

Описание

“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanynyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender toparynyň adyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak boýunça No.208 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Halkara bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän, bu ugurda azyndan 10 (on) ýyl iş tejribesi bolan öndürijiler ýa-da lisenziarlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary [www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm), [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Elektron salgysy: [fer@turkmennebit.gov.tm](mailto:fer@turkmennebit.gov.tm). Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993 12 40-39-93 +993 12 40-37-85 +993 12 40-35-68 Faks: +993 12 40-39-24 +993 12 40- 39-90
Tenderlere gaýdyp barmak