Описание
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki talaplara laýyklykda guýularda burawlaýyş işleri döwründe telemetriýa hyzmatyny bermek boýunça türkmen manadynda we rus rublda №2026/40 belgili bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgyna iberilmelidir. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy:
KhalilulinBS@tatneft.tatar
Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
+993-62-58-68-81
Tehniki soraglar boýunça +993-62-60-07-11 belgisine jaň edip ýa-da SalikhovRIr@tatneft.tatar elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.