Çalt ýöremek insult howpuny azaltýarmy?
Pyýada ýöremegiň tizligi adamyň insult geçirme ähtimallygy bilen baglanyşykly bolup biler. 135 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglara görä, çalt ýöremek insult howpunyň 44 göterim pes bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem yzygiderli çalt ýöremek ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrmaga we gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär.
Amerikanyň Newrologiýa akademiýasynyň maglumatlaryna görä, geçirilen barlaglar hepdede 3–4 sagat pyýada ýöremegiň ýa-da 2 sagat welosiped sürmegiň insultdan soňky ölüm howpunyň 54 göterim pes bolmagy bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!