Siz ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlaryny bilýärdiňizmi?!
Ýag önümçiliginiň ilkinji we iň möhüm tapgyrlarynyň biri çig malyň hiline baha bermekden başlanýar. Tohumlar önümçilige kabul edilende olaryň çyglylygy, arassalygy, şeýle hem zeper ýeten ýa-da galyndy kömelekler bilen hapalanan bölekleriniň bardygy barlanýar. Çig malyň dogry saklanmagy hem geljekki önümiň hiline gönüden-göni täsir edýär.
FAO-nyň maglumatlaryna görä, ýagly tohumlary degişli şertlerde guratmak we saklamak galyndy kömelekleriniň, zaýalanma prosesleriniň we önümiň hiliniň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga kömek edýär.
Soňra önümçiligiň esasy tapgyrlary başlanýar. Ýagly tohumlar arassalanýar, zerur ýagdaýda gabygyndan aýrylýar, ownadylýar we ýylylyk bilen işlenilýär. Bu işler tohumyň öýjüklerindäki ýagyň has netijeli bölünip çykmagyna şert döredýär.
Soňra ýag mehaniki usul bilen, ýagny ýörite presslerde gysmak arkaly çykarylyp bilner. Uly önümçiliklerde bolsa ýagyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça ekstraksiýa usullary hem ulanylýar.
Günebakar ýagynyň önümçiliginde, mysal üçin, arassalamakdan soň dürli rafinasiýa tapgyrlary ulanylýar. FAO-nyň maglumatlarynda degumifikasiýa, neýtrallaşdyrma, guratma, reňksizlendirme, dezodorizasiýa we mumlaşdyryjy maddalary aýyrmak ýaly tapgyrlaryň ulanylýandygy görkezilýär.
Käbir ýagdaýlarda ýag sowadylyp, onuň düzümindäki mum görnüşli birleşmeler aýrylýar we şeýdip has dury önüm alynýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!