Dünýäde iň uly pizza taýýarlandy
Dünýäde taýýarlanan iň uly pizzanyň meýdany 1 296,72 inedördül metr bolupdyr. Bu adaty pizzadan diňe birnäçe esse uly däl, eýsem, düýbünden başga ölçegdäki pizza!
Bu rekord 2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde goýuldy. Pizzany internet ulanyjy Airrack we «Pizza Hut» bilelikde taýýarlady.
Ony taýýarlamak üçin, takmynan, 6,2 tonna hamyr, 2,2 tonnadan gowrak sous, 4 tonna golaý peýnir we 630 müň çemesi pepperoni bölegi ulanyldy.
Pizza birbada äpet peje salynmandyr. Ol ýerinde bölek-bölek taýýarlanyp, soňra birleşdirilip bişirilipdir.
Taýýar pizza takmynan, 68 müň bölege bölünipdir we galan bölekler haýyr-sahawat guramalaryna berlipdir.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!