| Ashgabat | 28°C
Gyzykly maglumat 01.10.2026, 14:56 6

Beýiniň peýdasy

Beýiniň peýdasy

Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär. Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan miwe bolup, ol daş ýerlere daşalanda zaýalanmaýar.

Miwelerini çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir. Miwelerinde 8,2–12,0% şeker, witamin C, pektin 0,33%-e çenli we 0,2–0,8% turşular saklanýar.

Şeýle hem miwesiniň düzüminde eýleýji (dubil) maddalary, efir ýaglary saklanyp, beýi miwesine özboluşly ýakymly ys berýär. Şonuň üçin beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar.

Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr.

Häzirki wagtda halk lukmançylygynda içgeçmede we içki organlardan gan gelende beýi tohumynyň gaýnadylan ergini ulanylýar. Ýürek, gan-damar keselleri sebäpli döreýän näsaglyklarda beýi atylan çaý içmek maslahat berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!