Hünji daşlary ýasamalaryndan nähili tapawutlanýar?
Häzirki günde iň seýrek duş gelýän hünji gara reňkli hünjidir. Gara reňkli hünjiler seýrek duş gelýäni üçin bahasy hem gymmat hasaplanýar. Dünýä döwletleriniň käbirlerinde altyndan 4 esse gymmat bahada satylýan hünjilere zenanlar tarapyndan uly isleg bildirilýär.
Hakyky hünjileri ýasamalaryndan tapawutlandyrýan birnäçe aýratynlyklary bardyr. Ýagny:
-
Hakyky hünjiler has ýalpyldawuk bolýarlar, hatda olara ýakyndan seredeniňde aýna ýaly özüňi görmek bolýar;
-
Hakyky hünjiler ak reňkli bolmaýarlar;
-
Hünjileriň daş görnüşi belli bir ölçegde bolmaýar;
-
Ýasama hünjileriň agramy has ýeňil bolýar;
-
Hakyky hünjini elläniňde sowuk bolýar, hatda gyzgyn howada-da aňsat gyzmaýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!