Plastmassa önümlerinde 4200-den gowrak zäherli himiki maddalar saklanyp bilýär
Plastmassa önümlerinde 16 müňden gowrak himiki maddanyň sanawyny düzen alymlar, olaryň 4000-den gowragynyň adam saglygy we daşky gurşaw üçin howplydygyny anykladylar.
Gözlegçiler bir ýyllap gözleg hasabatlaryny gözden geçirip, plastmassada ulanylýan himiki serişdeleri daşky gurşawa we saglyga ýetirýän täsirlerine görä böldüler.
Topar bu maglumatlaryň plastmassanyň ulanylmagyny çäklendirmek boýunça hökümet düzgünleri we halkara gepleşikleri üçin maglumat binýadyny döretmäge ýardam etjekdigine umyt edýär.
Gözlegçiler hasabatda kesgitlenen himiki maddalaryň 400-den gowragynyň azyk gaplamasy ýaly ähli esasy plastmassa önümlerinde bardygyny we synagdan geçirilen plastmassalaryň hemmesinden daşky gurşaw üçin howply himiki maddalaryň syzýandygyny aýdýarlar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!