Kofe içmek saglyga peýdalymy?
Kofe içmegiň saglyga bellibir derejede peýdaly we zyýanly taraplary bar. Geçirilen barlaglar kofe içýän adamlaryň, kofe içmeýänlere garanyňda ölüm töwekgelçiliginiň has pesdigini görkezýär.
Kofeniň peýdasy Siziň ýaşyňyza, biologiki taýdan geniňize we içýän dermanlaryňyza baglydyr. Barlaglar kofeniň saglyga köp taraplaýyn оňyn täsir edýändigini görkezýär.
Kofe içmek 2-nji görnüşli süýji keseliniň, hroniki böwrek keseliniň, bagyr keselleriniň döremek töwekgelçiliginiň azaldýandygy anyklanyldy.
Käbir barlaglarda günde 3-4 çaşka kofe içmek insult töwekgelçiligini hem azaltýar. Emma köp kofe içmek, ynjalyksyzlyga, başagyra ýa-da ýüregiň çalt urmagyna sebäp bolup biler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!