| Ashgabat | 21°C
Tenderlar
Hyzmatlar Açyk
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma tölegsiz tertipde kabul edilýär. Elektron salgysy:mlsp@mlsp.gov.tm Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 39-48-49 / +993 12 39-48-93
Önümçilik enjamlary Açyk
“Türkmengaz” bäsleşik yglan edýär
“Türkmengaz” bäsleşik yglan edýär “Türkmengaz” döwlet konserni maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №T/GAZ-034 açyk bäsleşik yglan edýär Lot №2 – Umumy zawod enjamlary Lot №2 – Tehnologik enjamlary Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Zerur maglumatlary [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz. Tendere gatnaşmak üçin teklipler 28.08.2026 ýerli wagt bilen sagat 15.00 çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Faks: +993 12 40-37-45 Elektron salgysy: [info@turkmengaz.gov.tm](mailto:info@turkmengaz.gov.tm) [odum@turkmengaz.gov.tm](mailto:odum@turkmengaz.gov.tm) Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 12 40-37-39 / +993 12 40-37-40
Hyzmatlar Açyk
Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK
1. LOT № 164. Şpaklýowka satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy. 2. LOT № 183. Döwlet arassaçylyk we keselleriňýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyňAýratyn howply ýokanç keselleriňöňüni alyş merkeziwe onuňbölümleri üçin awtoulag tekerlerini satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi. 3. LOT № 216. «Galkan töleg» programma ulgamyny kämilleşdirmek üçin gerekli enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi. 4. LOT № 229. Olimpiýa şäherçesine degişli sowadyjy ulgamyna (çillerine) gerekli kompressor ýagyny we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 5. LOT № 238. Serwer enjamlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi. 6. LOT № 278. Enjamlary we esbaplary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti. 7. LOT № 287. Köpetdag etrap Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniňhasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyňdaşky keşbini we girelgelerini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi. 8. LOT № 302. Kaka etrabyndaky kuwwaty 30 müňkub metr bolan suw arassalaýjy desgadan Duşak şäherçesine barýan eltiji suw geçiriji ulgam üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi. Bäsleşik 2026-njy ýylyň5-nji awgustynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň4-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär. Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 17-nji iýul sanynda habar berilýär.
39-46-39 / 39-46-38.
Hyzmatlar Açyk
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ministrlik hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer, şeýle-de maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar degişli maglumatlaryministrlikden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler 30 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 17-nji iýul sanynda habar berilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Goşmaça görnüşde aşakdaky maglumatlara ýüz tutup bilersiňiz! Internet saýty: http://mlsp.gov.tm Elektron salgysy: [mlsp@mlsp.gov.tm](mailto:mlsp@mlsp.gov.tm)
39-48-49 / 39-48-93.
Hyzmatlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy 2024–2025-nji hasabatlyk döwri üçin maliýe hasabatynyň garaşsyz audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary arkaly bäsleşige gatnaşyp bilerler: Bäsleşige gatnaşmak üçin arza Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir. Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. Goşmaça maglumatlar üçin aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993-12-44-52-00 (5701) / +993-12-44 50 44
Önümçilik enjamlary Açyk
Türkmengaz” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Zerur maglumatlary [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) salgysyndan ýükläp alyp bilersiňiz. Tendere gatnaşmak üçin teklipler 26-nji awgust, sagat 15.00 çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Elektron salgysy: [info@turkmengaz.gov.tm](mailto:info@turkmengaz.gov.tm) [odum@turkmengaz.gov.tm](mailto:odum@turkmengaz.gov.tm). Habarlaşmak şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 40-37-39 / +993 12 40-37-40
Önümçilik enjamlary Açyk
“Türkmennebit” DK ýöriteleşdirilen tehnikany we atiýäçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär. Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz. Isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Teklipler 30 iş gününiň dowamynda 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Giňişleýin maglumatlary [www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm), [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) internet saýtlaryndan alyp bilersiňiz.Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz
+993 12 40-39-90 / +993 12 40-39-93
Çig mal we düzüm bölekleri Açyk
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi şeker satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi şeker satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler gerekli resminamalary 30 günüň dowamynda ministrlikden ýüztutmalar esasynda alyp bilerler. Resminamalar şu ýylyň 1-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýynda, Söwda toplumynyň binasynda kabul ediler. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky maglumatlara ýüz tutup bilersiňiz
44 64 21 / faks: 44 65 08
Gurluşyk Açyk
Gyzylarbat etrap häkimligi ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär
Gyzylarbat etrap häkimligi Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň Demirgazyk-Gündogar kiçi etrabynyň 8-nji we 9-njy ýaşaýyş jaý toplumlarynda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Gatnaşmak üçin talap edilýän resminamalar: Ýazmaça arza: Gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini we Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada resmi arza; Iş tejribesi barada maglumat: Edara-kärhana tarapyndan soňky 3 (üç) ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada hasabat; Maddy-tehniki binýady: Kärhananyň maddy-tehniki binýady we enjamlaşdyrylyşy barada maglumat; Kepilnama: Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden (TSTB) degişli kepilnama. Möhletler we iş tertibi: Teklipler şu ýylyň 14-nji iýulyna çenli sagat 9:00-dan 18:00-a aralygynda kabul edilýär. Habarlaşmak we goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
(+993246) 5-03-06 / (+993246) 5-43-03 / (+993246) 5-10-24
Gurluşyk Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
«CNPC» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdançasynyň çägindäki «A» we «B» bloklarynyň Gazy gaýtadan işleýiş zawodlarynyň önümçilik bölümleriniň regenerirleýji gaz kompressorlaryna tehniki hyzmat bermek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp bilerler: Resmi arza: Tenderiň belgisini we adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini takyk görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin resmi arza tabşyrmaly; Töleg hasap belgisini almak: Tender resminamalaryny (ITB) satyn almak üçin bank hasap belgisini almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi diňe ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar; Tender bukjany (ITB) almak: Tender resminamalarynyň doly bukjasy kompaniýanyň ygtyýarly wekiliniň pasport nusgasy, resminamalary almaga hukuk berýän esasy ynanç haty we töleg geçirilendigini tassyklaýan bank resminamasy görkezileninden soň berler. Möhletler we şertler: Arzalar bäsleşik bildirişi çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar seredilmäge kabul edilmeýär. Habarlaşmak we goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisini ulanyp bilersiňiz!
+993 12 44-54-34
Gurluşyk Açyk
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy awtokranlaryň howpsuzlyk we gorag ulgamlaryny abatlamak we olara tehniki hyzmat bermek boýunça türkmen manadynda №2026/32 belgili bäsleşigiň möhletini uzaldýandygyny habar berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly. Tenderiň tehniki talaplary arzada görkezilen elektron salga iberiler. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit- Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda 18.00 çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgyna iberilmelidir.Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Ýazmaça arzalary KhalilulinBS@tatneft.tatar elektron salgysy arkaly iberip bilersiňiz! Goşmaça maglumat üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
+993-65-83-18-99 / +993-62-60-07-11
Gurluşyk Açyk
Gaz turbina hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
“Türkmengaz” döwlet konserni tender toparynyň adyndan NK-12ST, NK-14ST we NK-16ST kysymly gaz turbina hereketlendirijileri düýpli abatlamak boýunça potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Tendere gatnaşmak üçin bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, kompaniýanyň işewürligi, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär). “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly. Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly. Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
(+99312) 40-32-40 / (+99312) 40-32-50 / (+99312) 40-32-59
Yza 1 2 3 4 5 Öňe

Görkezilen 52 dan 37–48