Описание
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy 2024–2025-nji hasabatlyk döwri üçin maliýe hasabatynyň garaşsyz audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary arkaly bäsleşige gatnaşyp bilerler:
Bäsleşige gatnaşmak üçin arza
Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat
Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat
Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi
Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr.
Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr.
Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.
Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!