| Ashgabat | 32°C
Tenderlar Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär
Hyzmatlar Açyk

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Описание

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Ministrligiň we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ulgamy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma tölegsiz tertipde kabul edilýär. Elektron salgysy:mlsp@mlsp.gov.tm Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
Habarlaşmak
+993 12 39-48-49 / +993 12 39-48-93
Tenderlere gaýdyp barmak