| Ashgabat | 32°C
Tenderlar CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
Gurluşyk Açyk

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi

Описание

«CNPC» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdançasynyň çägindäki «A» we «B» bloklarynyň Gazy gaýtadan işleýiş zawodlarynyň önümçilik bölümleriniň regenerirleýji gaz kompressorlaryna tehniki hyzmat bermek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp bilerler: Resmi arza: Tenderiň belgisini we adyny, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini takyk görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin resmi arza tabşyrmaly; Töleg hasap belgisini almak: Tender resminamalaryny (ITB) satyn almak üçin bank hasap belgisini almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi diňe ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar; Tender bukjany (ITB) almak: Tender resminamalarynyň doly bukjasy kompaniýanyň ygtyýarly wekiliniň pasport nusgasy, resminamalary almaga hukuk berýän esasy ynanç haty we töleg geçirilendigini tassyklaýan bank resminamasy görkezileninden soň berler. Möhletler we şertler: Arzalar bäsleşik bildirişi çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar seredilmäge kabul edilmeýär. Habarlaşmak we goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisini ulanyp bilersiňiz!
Habarlaşmak
+993 12 44-54-34
Tenderlere gaýdyp barmak