| Ashgabat | 30°C
Tenderlar
Ähli Çig mal we düzüm bölekleri Önümçilik enjamlary Ulag we logistika Hyzmatlar Edaralar uçin enjamlar Gurluşyk
Все статусы Açyk Ýapyk
Çig mal we düzüm bölekleri Açyk
“Türkmennebit” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №215 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan etdi. Lot No.1 – Turba we metal önümleri Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 12 40-39-90 +993 12 40-39-93 +993 12 40-35-55 +993 12 40-35-53 +993 12 40-35-12 Faks: +993 12 40-39-24 Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm
Çig mal we düzüm bölekleri Açyk
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi fostoksin himiki serişdesini satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalygy baradaky maglumatlary görkezilip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; himiki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap-seçmek boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünleri bilen tanyşmaly her lot üçin töleg tölenenden soň tender resminamalarynyň bukjasyny almaly; lotlaryň spesifikasiýasyny we tehniki talaplary almaly. Bäsleşik teklipleri birleşigiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat, Arçabil Şaýoly 92. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! (+99312) 44-76-22
Gurluşyk Açyk
Balkanabat şäherinde kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar gurlar
Balkanabat şäher häkimligi Balkanabat şäheriniň çäginde isleg bildirýän raýatlar üçin 1 we 2 gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan etdi. Isleg bildirýänler degişli resminamalary Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk we jemagat hojalygynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilerler. Bäsleşik teklipli bukjalar 21-nji awgusta çenli ýapyk bukjalarda kabul edilýär.Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993 (222) 6-00-76
Hyzmatlar Açyk
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky buraw erginini arassalaýyş blogunyň kärendesi boýunça bäsleşik yglan etdi
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy buraw erginini arassalaýyş blogunyň kärende hyzmatlary boýunça rus rublda №2026/43 belgili bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da “www.oilgas.gov.tm” web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar iki nusgada, “A” we “B” bukjada tabşyrylmalydyr. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: KhalilulinBS@tatneft.tatar Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993-61-49-57-47 Tehniki soraglar boýunça şu aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993-65-81-70-29 Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59
Gurluşyk Açyk
"Türkmenhimiýa" DK ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumy gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan Daşoguz welaýatynda ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumynyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly. Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993 12 39-01-59 +993 12 39-01-62 Faks: +993 12 39-01-65 Elektron salgysy: contact@turkmenhimiya.gov.tm Salgysy: Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Önümçilik enjamlary Açyk
“Türkmennebit” DK ýöriteleşdirilen tehnikany we atiýäçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №165/1 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edtdi. Bu baradaky bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edildi. Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler. Lot №4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen enjamlar, bölekler we ätiýaçlyk şaýlar Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993 12 40-39-90 +993 12 40-39-93 +993 12 40-31-67 +993 12 40-31-17 +993 12 40-36-04 Faks: +993 12 40-39-39 Elektron salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm
Hyzmatlar Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy elektrik desgalaryny abatlamak boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançanyň çägindäki günbatar “B” blogunyň elektrik desgalaryny we suw ýygnaýjy enjamlaryny abatlamak boýunça №CIT-26099-SR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan etdi. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Bäsleşige gatnaşmak üçin arza Kompaniýa we onuň alyp barýan işewürligi barada umumy maglumat Soňky üç ýylyň içinde bu ugurda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalyk şahadatnamasynyň göçürmesi Arzalar bildiriş (oilgas.gov.tm saýtynda) çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Resminamalar 1 (bir) asyl nusgada we 1 (bir) göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr. Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir. Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993-12-44-52-00 (5701) Faks: +993-12-44 50 44
Hyzmatlar Açyk
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky telemetriýa hyzmatyny bermek boýunça bäsleşik yglan etdi
“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy tehniki talaplara laýyklykda guýularda burawlaýyş işleri döwründe telemetriýa hyzmatyny bermek boýunça türkmen manadynda we rus rublda №2026/40 belgili bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär); tenderiň tehniki talaplary (spesifikasiýa) arzada görkezilen elektron salga iberiler Bäsleşik teklipleri bildiriş “Nebit-Gaz” gazetinde ýa-da www.oilgas.gov.tm web saýtynda çap edilen gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklibi azyndan 8 nyşandan ybarat parol bilen goralan RAR formatly arhiwde ýerleşdirilen PDF we Excel faýllar görnüşinde taýýarlanyp, görkezilen elektron salgyna iberilmelidir. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59 Ýazmaça arzalary ibermek üçin elektron salgysy: KhalilulinBS@tatneft.tatar Tender boýunça goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz! +993-62-58-68-81 Tehniki soraglar boýunça +993-62-60-07-11 belgisine jaň edip ýa-da SalikhovRIr@tatneft.tatar elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.
Çig mal we düzüm bölekleri Açyk
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
Lot No.1 - Däneli ekinlerde bir we iki ülüşli haşal otlara garşy gerbisidler; şaly ekinlerinde haşal otlara garşy gerbisidler; däne kesellerine garşy fungisidler; bugdaý zyýankeşlerine garşy insektisidler; bugdaý üçin mikrodökünler. Lot No.2 – Gowaça tohumlaryny dermanlamak üçin serişdeler; ösümlikleriň karantin zyýankeşlerini ýüze çykarmak we sanyny gözegçilikde saklamak üçin feromon duzaklary; Ösümlikleriň karantin zyýankeşlerine garşy insektisidler Lot No.3 – Gök önümlerde karantin wirus organizmlerini we bakterial keselleri PZR-usuly bilen anyklamak üçin laboratoriýa şertlerinde ulanylýan reaktiwler. Lot No.5 – Çekirtgelere garşy insektisidler Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, rekwizitlerini we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde agzadygy baradaky kepilnamany görkezmek bilen arza tabşyrmaly; “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini himiýa serişdeleri bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly; her bir lot üçin töleg töläp, bäsleşik resminamalarynynň bukjasyny almaly; lotuň häsiýetnamasyny we tehniki talaplaryny almaly. Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri bildiriş 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär. Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! telefon belgileri: +993 12 44-77-47 +993 12 27-36-59
Hyzmatlar Açyk
“Türkmennebit” DK ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek üçin teklipleri işläp taýýarlamak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi
“Türkmennebit” döwlet konserni Türkmenistanynyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender toparynyň adyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak boýunça No.208 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi. Halkara bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän, bu ugurda azyndan 10 (on) ýyl iş tejribesi bolan öndürijiler ýa-da lisenziarlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz: bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; bäsleşigiň esasy tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly. Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly. Bäsleşige degişli zerur maglumatlary [www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm), [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Elektron salgysy: [fer@turkmennebit.gov.tm](mailto:fer@turkmennebit.gov.tm). Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! +993 12 40-39-93 +993 12 40-37-85 +993 12 40-35-68 Faks: +993 12 40-39-24 +993 12 40- 39-90
Çig mal we düzüm bölekleri Açyk
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy himiki reagentleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çagindäki “A” “B” we Gündogar “B” bloklarynyň önümçilik bölümlerine senagat suwuny gaýtadan işlemek üçin himiki reagentleri 3 ýyl möhlete satyn almak boýunça №CIT-26033-МR belgili bäsleşik yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler: Tenderiň belgisi we ady, gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwezitlerini görkezmek bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza; Tender resminamalaryny (ITB) almak üçin töleg geçirmek üçin hasap belgisini almaly. Töleg geçirikmek hasap belgisi, ýazmaça arza tabşyrylan mahaly gowşurylar; Tender reminamalaryň doly bukjasyny (ITB) almak üçin kompaniýanyň wekiliniň pasport nusgasyny, tender resminamalaryny almaga hukugy berýän esasy ynanç hatynyň nusgasyny we töleg geçirilendigini tassyklaýan resminamany görkezilmelidir. Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär. Salgysy: Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 44-54-34
Edaralar uçin enjamlar Açyk
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Lot №5 — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby lukmançylyk gullugy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda ministrligiň binasynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy. Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
+993 12 40-04-79
1 2 3 Öňe

Görkezilen 33 dan 1–12