Описание
Gyzylarbat etrap häkimligi Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň Demirgazyk-Gündogar kiçi etrabynyň 8-nji we 9-njy ýaşaýyş jaý toplumlarynda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Gatnaşmak üçin talap edilýän resminamalar:
Ýazmaça arza: Gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini we Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada resmi arza;
Iş tejribesi barada maglumat: Edara-kärhana tarapyndan soňky 3 (üç) ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada hasabat;
Maddy-tehniki binýady: Kärhananyň maddy-tehniki binýady we enjamlaşdyrylyşy barada maglumat;
Kepilnama: Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden (TSTB) degişli kepilnama.
Möhletler we iş tertibi:
Teklipler şu ýylyň 14-nji iýulyna çenli sagat 9:00-dan 18:00-a aralygynda kabul edilýär.
Habarlaşmak we goşmaça maglumat almak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!