Описание
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly; "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly; lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly; bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 575 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Teklipler 30 iş gününiň dowamynda 12.00-a çenli kabul edilýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Giňişleýin maglumatlary [www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm), [www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm) internet saýtlaryndan alyp bilersiňiz.Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz