15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara gadaganlyk güýje girdi! Nirede?
Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara girmegi gadagan edýän kanun güýje girdi. Kanuna görä, 15 ýaşdan kiçi ulanyjylara sosial torlarda hasaba durmak ýa-da akkaunt açmak gadagan edilýär. Sosial torlar olaryň öňden hereket edýän akkauntlaryny hem ýapmaga borçly edildi.
Kanunçylyga görä, bu talaplary bozan sosial torlara jerime salnar, mahabat görkezmek gadagan ediler, aýratyn ýagdaýlarda bolsa internetiň goýberiliş tizligi 90 göterime çenli peseldilip bilner. Bu barada «rg.ru» neşiri habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!