Pompeýde Wezuwiý wulkanynyň astyndan gadymy şaý-sepler tapyldy
Arheologlar Italiýanyň taryhy Pompeý şäherinde bürünç teňňeler, şaý-sepler we kosmetiki serişdeler saklanan gadymy şkafy ýüze çykardylar. Biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde basylyp galan bu tapyndy antik döwrüň gündelik durmuşyna degişli täze maglumatlary açyp görkezýär.
«Kornelius Maksimusyň öýi» diýlip tanalýan gadymy binadaky şkafdan jübtek, kosmetiki gap, hoşboý ysly suwuklyk çüýşejikleri we bürünç çyra tapyldy. Gözlegçileriň ünsüni çeken esasy tapyndylaryň biri faýansdan, süňkden we dag hrustalyndan ýasalan, dürli hudaýlaryň hem-de tebigy nyşanlaryň şekilleri düşürilen 24 sany asma şaý-sepden ybarat monjuk boldy.
Alymlar bu bezegleriň gadymy rimlilerde çagalary goraýjy tumar hökmünde ulanylan «crepundia» atly ýadygärlikler bolup biljekdigini çaklaýarlar. Şeýle hem ösümlik süýüminden örülen sebete salnan 38 sany bürünç teňňe tapyldy. Bu tapyndy wulkan atylanda öý eýeleriniň howply ýerden eşiklerini ýa-da emläklerini alyp ýetişmändigini görkezýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!