Miwe bilen iýmitlenýän dinozawrlar tapyldy
Paleontologlar ylmy dünýäde täze açyş etdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäginde takmynan hindi towugynyň ululygyndaky, ýelekleri we adatdan daşary iýmitleniş aýratynlygy bilen tapawutlanýan gadymy jandaryň galyndylary ýüze çykaryldy. Gowy saklanyp galan kelleçanak we süňk galyndylary ABŞ-nyň demirgazyk-günbataryndaky meşhur Hell-Krik gatlaklaryndan tapyldy. Gözlegleri Stouni-Bruk uniwersitetiniň, Ontarionyň Korollyk muzeýiniň we Demirgazyk Dakotanyň Geologiýa gullugynyň hünärmenleri bilelikde amala aşyrdylar.
Bu jandar dişsiz we ýelekli senagnatidler maşgalasyna degişlidir. Ol hek döwründe meşhur tirannozawrlar we triseratopslar bilen bir döwürde ýaşapdyr. Agramy bary-ýogy 12 kilogram töweregi bolan bu guşsypat jandar ululygy boýunça adaty hindi towugyny ýatladýar. Barlagçylar kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen jandaryň kelleçanagynyň içki gurluşyny takyk dikeltmegi başardylar. Netijede, onuň kentlewük süňkleriniň aşak tarapa, göni agyz boşlugyna egrelendigi ýüze çykaryldy. Şeýle gurluş sebäpli çüňküň hereketini üpjün edýän myşsalar adaty dinozawrlardan düýpgöter tapawutly ýerleşipdir.
Bu aýratynlyk çüňküň diňe bir açylyp-ýapylmagyna däl, eýsem öňe we yza hereket etmegine hem mümkinçilik beripdir. Paleontologlaryň çaklamagyna görä, kelleçanagyň şeýle gurluşy jandara ýumşak miweleri işlemäge, olary ownatmaga we çigitlerini aýyrmaga mümkinçilik beripdir. Bu aýratynlyk gadymy dinozawryň iýmitleniş usulynyň häzirki zaman totuguşlarynyňka örän meňzeş bolandygyny görkezýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!