Mercedes-Benz-iň awtoulaglary sergä çykaryldy
Watikanda Germaniýanyň Mercedes-Benz kompaniýasynyň Rim Papalary üçin ýörite taýýarlan sekiz sany üýtgeşik taryhy awtoulagy köpçülige görkezildi. Bu gyzykly sergi Mercedes-Benz-iň Watikan bilen ýüz ýyllygyna golaýlaşýan hyzmatdaşlyk taryhyny görkezýär. Sergi 2027-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli dowam eder.
Bu taryhy hyzmatdaşlyk 1930-njy ýylda Papalyga sowgat berlen ilkinji «Nürburg 460 (W08)» kysymly ýokary amatlykly awtoulag bilen başlandy. Şol döwürde Papa Piý XI üçin niýetlenen dabaraly sedanyň salony gymmat bahaly ýüpek bilen bezelip, onuň içinde ýörite kürsi hem oturdylypdy. Wagtyň geçmegi bilen papa awtoulaglarynyň tehniki we dizaýn aýratynlyklary hem düýpli kämilleşdirildi. Ioann XXIII üçin ýörite uzaldylan we aýryp bolýan yzky aýnalary bolan «300 d Landaulet (W189)» döredildi. Bu gurluş halka ýüzlenmegi has amatly edýärdi. Pawel VI-a gowşurylan «600 Pullman Landaulet (W100)» bolsa beýgeldilen üçek we sürüji bilen aragatnaşyk saklamak üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edilipdi.
Sergide şeýle hem 1967-nji ýyldaky «300 SEL Pullman», 1980-nji ýyldaky meşhur «Geländewagen 230 G», şeýle hem «S 500 Landaulet» (1997) we häzirki zaman «ML» kysymly awtoulaglar orun aldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!