| Ashgabat | 22°C
Dünýaden 02.11.2026, 11:52 5

Hytaýda ýüzýän ada gurlar

Hytaýda ýüzýän ada gurlar

Açyk deňizde uzak möhletleýin gözegçilik we synag işlerini geçirmek maksady bilen Hytaýda dünýäde deňi-taýy bolmadyk ilkinji awtonom ýüzýän ada toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Meşhur «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna görä, takmynan 405 million dollar möçberinde bahalanýan bu taslama 2030-njy ýylyň tomsuna çenli doly taýýar ediler.

Taslama Şanhaýyň Szýaotun uniwersitetiniň hem-de Hytaýyň Döwlet gämi gurluşyk korporasiýasynyň degişli kärhanasynyň bilelikdäki işi bolup durýar. Bu ada ýokary tehnologiýaly deňiz enjamlaryny barlamak üçin niýetlenendir. Geljekde halkara ylmy edaralar üçin hem bu toplumda şertler dörediler.

Ýüzýän binanyň uzynlygy 138 metre, ini bolsa 85 metre ýetýär. Onuň esasy palubasy suwuň ýüzünden 45 metr belentlikde, ýagny takmynan 15 gatly ýaşaýyş binasynyň beýikliginde ýerleşýär. Taslama 6–9 metr aralygyndaky ýokary tolkunlarda hem bökdençsiz işlemäge mümkinçilik berýär we güýji 17 bal bolan güýçli taýfun harasatlaryna durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Toplumyň içinde 6 sany ýöriteleşdirilen barlaghana bolup, olarda uly göwrümli deňiz tehnikalaryny işläp düzmek, umman ekoulgamlaryna uzak wagtlap gözegçilik etmek hem-de howply meteorologik tebigy hadysalary ylmy taýdan öwrenmek işleri geçiriler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!