Floridada güýçli ýagynlardan soň köçelerde krokodiller peýda boldy
ABŞ-nyň Florida ştatynda bolup geçen güýçli tupan we yzygiderli ýagan çabgalar sebäpli ýaşaýyş zolaklaryny suw basdy. Tebigy hadysadan soň ilatly ýerleriň köçelerinde krokodiller peýda bolup başlady. Ýerli ýaşaýjylar bu adaty bolmadyk waka degişli wideolary sosial ulgamlarda işjeň paýlaşýarlar.
Süýrenijileriň birini tutmak üçin hünärmenler adaty bolmadyk usuldan peýdalandylar. Ilki bilen haýwanyň üstüne ýorgan atyp, onuň gözüni ýapdylar, soňra bolsa ýörite torlaryň kömegi bilen tutdular.
Bu ýagdaýa ştatyň gündogar kenarýakasynda bolup geçen giň gerimli suw joşmalary sebäp boldy. «Fox Weather» neşiriniň habar bermegine görä, bary-ýogy üç günüň içinde Malabar şäherine 73,5 santimetr, Palm-Beý şäherine bolsa 71,4 santimetr töweregi ygal düşdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!