Amerikaly Mettýu Heý sakgaly bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
ABŞ-nyň Kanzas ştatyndaky Boldwin-Siti şäherçesiniň 54 ýaşly ýaşaýjysy Mettýu Heý tebigy sakgalynyň uzynlygy boýunça dünýä rekordyny goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Ozal bu ugurdaky rekord amerikaly Rudolf Martinofa degişli bolup, onuň sakgalynyň uzynlygy 1,06 metre ýetýärdi. Mettýu Heý bolsa bu görkezijini täzeläp, tebigy sakgalynyň uzynlygyny 1,603 metre ýetirmegi başardy.
Täze rekord Missuri ştatynyň Independens şäherinde resmi taýdan hasaba alyndy. Hünärmenler sakgalyň bir örümini ýörite agaç tagtanyň üstünde doly ýazyp, onuň uzynlygyny ölçediler.
Mettýu bu derejä ýetmek üçin sakgalyny takmynan 20 ýyl bäri gyrkman ösdürip gelýär. Ol çagalarynyň bir wagtlar öz sakgalyny örüp oýnamagy haýyş edendiklerini ýatlaýar.
Häzirki wagtda onuň sakgaly her ýyl ortaça 7–10 santimetr uzalmagyny dowam etdirýär. Mettýu Heý ýakyn wagtda sakgalyny syrmak ýa-da gysgaltmak barada asla pikir etmeýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!