| Ashgabat | 21°C
Dünýaden 07.11.2026, 16:45 10

Müsürde dynç alyş üçin şäher gurulýar

Müsürde dynç alyş üçin şäher gurulýar

Dünýä belli binagärlik kompaniýasy «Skidmore, Owings & Merrill» (SOM) Müsüriň demirgazygynda, Marsa-Matruh şäheriniň golaýynda guruljak «Alam Al Roum» atly täze dynç alyş şäherçesiniň baş meýilnamasyny hödürledi. «Qatari Diar» gurluşyk kompaniýasynyň teklibi esasynda taýýarlanan bu ägirt uly taslama ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini täze derejä çykarmagy maksat edinýär.

Şäherçäniň ýerleşjek ýeri deňiz kenary boýunça 7,2 kilometre uzalyp gidýär, umumy meýdany bolsa 20,6 inedördül kilometre deňdir. Taslamanyň iň üýtgeşik tarapy ýaşaýyş jaýlary bilen jemgyýetçilik zolaklarynyň arasynda ýerleşjek, göni deňiz bilen birleşdirilen, umumy uzynlygy 22 kilometre ýetýän lagunalar ulgamydyr. Bu suw howdanlary diňe bir gözellik bermän, eýsem ýagyş suwlaryny ýygnamak we howany sowatmak üçin hem hyzmat eder.

Kenarýaka howa şertleriniň we tebigy gurşawyň üýtgemelerine garşy degişli gorag çäreleri göz öňünde tutulypdyr. Çäge depelerini berkitmek, täze batgalyk ekoulgamlaryny döretmek we ýerli ösümlik zolaklaryny saklap galmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem binalaryň gurluşygynda ýeliň ugruny we tebigy ýagtylygy mümkin boldugyça amatly peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Täze dörediljek bu şäherçede ýaşaýyş toplumlary, ýokary derejeli myhmanhanalar, işewürlik we bilim merkezleri, şeýle hem giň golf meýdançalary gurlar. Medeni durmuş üçin ýörite amfiteatr, maýak, ýaht-klub, medeni çäreler üçin gämi duralgasy, metjit we söwda bazarlary göz öňünde tutulypdyr.

Esasy awtomobil ýoly halkara deňiz portuny şäheriň içindäki logistika merkezi bilen baglanyşdyrar.

Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň gurluşyk işleri 2030-njy ýylda başlanar. Jemi 4 inedördül metr meýdany öz içine aljak ilkinji tapgyrda kenarýaka dynç alyş zolaklary, suw lagunalary we deňiz duralgasy ulanmaga berler.

Taslamany durmuşa geçirýän hünärmenler bu ýeriň diňe bir tomus paslynda däl, eýsem ýylyň dowamynda syýahatçylaryň we medeniýet işgärleriniň esasy merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirýärler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!