Peruda adaty bolmadyk dynç alyş mümkinçiligi
Peruda syýahatçylara adaty bolmadyk dynç alyş mümkinçiligi hödürlenýär. «Skylodge Adventure Suites» myhmanhanasy inkleriň Mukaddes jülgesinden 365 metr belentlikde aýna diwarly kapsulalary ýerleşdiripdir. Bu üýtgeşik otagda gijäni geçirmek üçin syýahatçylar dik gaýa takmynan iki sagat dyrmaşmaly, ertesi gün irden bolsa alty sany ziplaýn (polat tanap boýunça typyp düşmek üçin niýetlenen ulgam) arkaly aşak inmeli bolýarlar.
Myhmanhana Paçar obasynyň golaýynda, Kusko şäherinden takmynan 90 minutlyk ýol uzaklygynda ýerleşýär. Kapsulalar göni gaýanyň ýüzüne berkidilip, olara diňe ýörite enjamlaşdyrylan demir basgançaklar, çykytlar we tanaply geçelgeler arkaly baryp bolýar. Käbir ýerlerde syýahatçylar howpsuzlyk enjamlaryny ulanyp, uçudyň üstünden geçmeli bolýarlar.
Myhmanhanada bir gije geçirmegi ýüregine düwen BBC-niň žurnalisti Jina Trumanyň aýtmagyna görä, bu belentlige çykmak hatda tejribeli syýahatçy üçin hem ýeňil bolmandyr. Deňiz derejesinden 3200 metrden gowrak belentlikde howanyň seýrek bolmagy dem alşy kynlaşdyrypdyr, dik gaýalar we aşakdaky çuň jülge bolsa belentligiň täsirini has-da güýçlendiripdir.
Iki sagada golaý dyrmaşandan soň, myhmanlar naharlanmak üçin niýetlenen kapsula ýetýärler. Bu ýerde olara Peru aşhanasynyň birnäçe milli tagamyndan ybarat agşamlyk nahary hödürlenýär. Soňra myhmanlar ýolbeletleriň kömegi bilen aýratyn ýatylýan kapsulalara geçýärler.
Kapsulalaryň içinde düşekler we ýyldyzly asmany synlamaga mümkinçilik berýän panoramaly penjireler bar. Hajathana bölüminde bolsa ekologik taýdan arassa, kapsulanyň beýleki böleginden galyň tuty bilen bölünen hajathana ýerleşdirilipdir. Gijelerine howanyň temperaturasy çalt peselýändigi sebäpli, myhmanlara ýyly ýorganlar berilýär.
Irden syýahatçylara ertirlik nahary hödürlenýär. Soňra bolsa hersiniň uzynlygy 150 metrden 700 metre çenli bolan alty sany ziplaýn arkaly aşak iniş başlanýar. Yza dolanmak üçin bir sagatdan hem az wagt gerek bolýar.
«Skylodge Adventure Suites» myhmanhanasynda bir gije galmagyň bahasy, Kusko şäherinden transferi, ýolbelet hyzmatyny, gaýa dyrmaşmagy we ziplaýn arkaly aşak inmegi goşmak bilen, adam başyna 1640 Peru soluna, ýagny takmynan 480 dollara deňdir.
Has rahat dynç almagy halaýan syýahatçylar üçin kompaniýa dagyň etegine golaý ýerde ýerleşýän başga görnüşli kapsulalary hem hödürleýär. Olara pyýada baryp bolýar. Bu otaglarda duş, adaty hajathana we açyk howadaky gidromassaž wannasy bar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!