| Ashgabat | 21°C
Dünýaden 06.11.2026, 14:17 18

ABŞ-nyň birža bazarlary 2 trillion dollardan gowrak ýitgä sezewar boldy

ABŞ-nyň birža bazarlary 2 trillion dollardan gowrak ýitgä sezewar boldy

Noýabr aýynyň başynda Amerikanyň maliýe bazarlarynda agyr günleriň biri boldy. 5-nji noýabrda geçirilen söwda sessiýasynda ýurduň esasy birža indeksleri garaşylmadyk ýagdaýda ep-esli pese düşdi. Öňdebaryjy gözegçilik platformalarynyň maglumatlaryna görä, görkezijiler aşakdaky ýaly üýtgedi:

  • Dow Jones — 3,44% arzanlady;

  • S&P 500 — 4,36% peseldi;

  • Nasdaq — 5,52% ýitgi bilen iň uly pese gaçyşy başdan geçirdi.

«Reuters» agentliginiň ýazmagyna görä, Nasdaq indeksi üçin bu görkeziji soňky 19 aýyň dowamynda bellige alnan bir günlük iň uly pese gaçyş boldy. Birža bazarynyň umumy kapitalizasiýasy bary-ýogy bir günüň içinde 2 trillion dollardan hem gowrak azaldy.

Iri ýitgiler, esasan hem, tehnologiýa sektoryna we emeli aň (AI) ulgamy bilen meşgullanýan iri kompaniýalara degişli boldy. Hususan-da:

  • SpaceX kompaniýasynyň paýnamalary 10%-den gowrak peseldi;

  • Nvidia kompaniýasynyň paýnamalary 9% töweregi ýitgi çekdi;

  • Tesla kompaniýasynyň paýnamalary hem takmynan 10% arzanlady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!