«Mercedes-Benz-iň» tormoz ulgamynda näsazlyklar ýüze çykdy
Germaniýanyň «Mercedes-Benz» awtoulag öndürijisi bütin dünýä boýunça 215 231 sany S-Class modelini meňzeş näsazlyk sebäpli tehniki barlaga çagyrýandygyny habar berdi. Bu çäre ulaglaryň tormoz suwuklygynyň syzyp gitmek ähtimallygy bilen baglanyşyklydyr.
Näsazlyk sedanyň öňki okundaky tormoz şlangalarynda ýüze çykaryldy. Öndürijiniň bellemegine görä, bu şlangalara zeper ýeten ýagdaýynda tormoz ulgamynyň işjeňligi peselýär. Aýratyn hem ýokary tizlikde bu ýagdaý ýol-ulag hadysasyna getirip biler. Mundan başga-da, ýola dökülen tormoz suwuklygy beýleki ulaglar üçin hem taýpançak we howply ýagdaý döredýär.
Bu yzyna çagyryş pnewmatiki asma ulgamy bilen enjamlaşdyrylan W223 nesliniň ähli S-Class modellerine, şol sanda olaryň Maybach we AMG görnüşlerine hem degişlidir. Näsazlyk 2019-njy ýylyň iýun aýy bilen 2024-nji ýylyň noýabr aýy aralygynda öndürilen awtoulaglarda ýüze çykaryldy.
Ilkibaşda diňe ABŞ-da amala aşyrylan bu çäre indi beýleki ýurtlara hem ýaýbaňlandyryldy. Mysal üçin, Germaniýanyň özünde şeýle kemçilik 11 828 awtoulagda hasaba alyndy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!