Tesla kompaniýasy Cybertruck pikabynyň önümçiligini bes eder
Dünýäniň iň meşhur elektrik awtoulag öndürijileriniň biri bolan «Tesla» kompaniýasy özüniň futuristik «Cybertruck» pikabynyň önümçiligini bes eder. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň tassyklamagyna görä, 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki «Gigafactory» zawodynda bu modeliň önümçiligi doly bes ediler.
Kompaniýa pikap üçin bölünip berlen önümçilik kuwwatyny geljegi uly bolan täze «Cybercab» robotaksi modelini köpçülikleýin öndürmäge gönükdirmek isleýär.
2023-nji ýylyň ahyrynda müşderilere gowşurylyp başlanan pikap garaşylýan netijäni bermedi. Mask ilkibaşda ýylda 250 müň awtoulag satmagy çaklan hem bolsa, hakyky görkezijiler örän pes boldy.
«Kelley Blue Book» neşiriniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da 2024-nji ýylda 38 965 sany «Cybertruck» satylan bolsa, 2025-nji ýylda bu görkeziji 48 göterim azalyp, bary-ýogy 20 237-ä düşdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!