Toyota TCA kompaniýasy üçin güýzki auksionyny yglan edýär
Toyota markasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolan «TCA» kompaniýasy Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri üçin ýörite güýzki aksiýa maksatnamasyna başlady. Bu möwsümleýin çäre 2026-njy ýylyň 30-njy noýabryna çenli dowam eder.
Aksiýanyň çäklerinde awtoulag eýeleri ulaglarynyň esasy 10 sany tehniki ulgamyny mugt barlagdan geçirip bilerler. Şeýle hem diagnostikadan soňra indiki hyzmatlar üçin 900 manatlyk ýörite sowgatlyk serwis wauçerini alyp bilerler.
Mugt barlag geçirilýän ugurlar:
-
Salonyň sowadyş we ýyladyş ulgamy;
-
Hereketlendirijiniň sowadyş ulgamy;
-
Akkumulýator we yşyklandyryş ulgamlary;
-
Aýna süpürijiler hem-de tekerler;
-
Hereketlendirijiniň ýagy, kemerler we howa süzgüji;
-
Tormoz ulgamy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!