Ulagyň üstündäki gary üfläp aýyrýan ulgam oýlanyp tapyldy
Germaniýanyň «Mercedes-Benz» awtoulag brendi gyş paslynda sürüjileriň esasy aladalarynyň birine çözgüt tapdy. Kompaniýa ýörite pnewmatiki ulgam arkaly ulagyň üçegini we daşky çarçuwalaryny gardan arassalaýan täze tehnologiýany işläp düzdi. Bu tehnologiýa degişli patent arzasy Germaniýanyň Patent edarasy tarapyndan resmi taýdan çap edildi.
Inženerleriň teklip eden taslamasyna görä, ulagyň üçegine we penjire çarçuwalaryna ýörite pnewmatiki pürküjiler ornaşdyrylar. Hödürlenen çyzga laýyklykda, diňe bir öňki ýa-da yzky aýnalaryň däl, eýsem öňki we yzky gapylaryň golaýynda jemi dört sany şeýle enjamyň (her tarapda ikiden) ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu pürküjiler hereket etmeýän ýa-da süýşürilýän görnüşde bolup biler.
Ulgamy işe girizmek örän aňsat. Sürüji diňe ýörite düwmä basmaly, şonda güýçli howa akymy göni üçege we gapylaryň açylýan gyralaryna gönükdiriler. Bu bolsa gapy açylan wagty ýygnanan garyň ulagyň salonyna düşmeginiň öňüni almaga kömek eder.
Häzirlikçe «Mercedes-Benz» kompaniýasy bu patent boýunça giňişleýin düşündiriş bermedi. Şeýle hem täze howa pürküji ulgamynyň geljekde köpçülikleýin öndürilýän awtoulaglarda ulanylyp-ulanylmajakdygy heniz belli däl.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!