Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar
Paýtagtymyzda geçirilen «CIET 2026» halkara sergisiniň çäklerinde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurlup ulanmaga beriljek binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary köpçülige hödürlendi. Ýokary tehnologiýalara esaslanýan bu desgalaryň resmi açylyş dabaralary 2027-nji ýylda geçiriler.
«Arkadag» söwda we jemgyýetçilik merkezi. Daş-töweregi ýaşyl zolaklar bilen gurşaljak bu merkeziň binagärlik keşbi günebakar gülüne meňzedilip taýýarlanylýar.
«Saglyk» seýilgähi. Şäheriň dynç alyş zolagynda akymly suw howdanlary, konsert meýdançasy, şeýle hem ahalteke bedewleriniň we düýe kerwenleriniň heýkeller toplumy ýerleşdiriler.
Nal şekilli awtomenzil. Ýylyň şygaryny özünde jemleýän bu awtomenzil kiçi aeroport görnüşinde taslamalaşdyryldy. Aşgabatdan 35 kilometr uzaklykda ýerleşýän täze awtomenzil bir gije-gündizde 1 500 ýolagça ýokary derejede hyzmat etmäge niýetlenendir.
Desganyň taslamasy «Ýiti Galam» kärhanasy tarapyndan taýýarlanyldy, gurluşyk işlerini bolsa «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Awtomenzil şäherara we halkara ugurlar üçin niýetlenen iki sany özbaşdak terminaly öz içine alar.
Bu ýerde ýolagçylara hyzmat etmek üçin diňe ekologiýa taýdan arassa elektrobuslar we elektrik ulaglary ulanylar. Şeýle hem toplumyň çäginde döwrebap skanerler, gözegçilik gulluklary, söwda merkezleri we awtosalonlar ýerleşdiriler.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanmaga beriljek ähli desgalar «akylly öý» ulgamy, ýokary tizlikli 5G aragatnaşygy, emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan wideogözegçilik hem-de ýol hereketini awtomatiki dolandyryş ulgamlary bilen doly üpjün ediler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!