Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy «China International Import Expo–2026» halkara import harytlary sergisine gatnaşmagy mynasybetli Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň açylyşy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň 500-den gowrak wekili gatnaşýar.
Forumyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!