Hytaýda türkmen kompaniýalary bilen ähtnamalara gol çekildi
Hytaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilip, ol Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm meýdança boldy.
Forumyň işine Hytaýyň takmynan 300 kompaniýasyna we guramasyna wekilçilik edýän 350-den gowrak adam, şeýle hem Türkmenistanyň 120-den gowrak wekili gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde Özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Jemi 12 sany Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Forumyň geçirilmegi iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewür gatnaşyklary ösdürmekde, maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döretmekde we bilelikdäki taslamalary ilerletmekde möhüm ädim boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!