2026-njy ýylyň oktýabr yssysy bilen rekordy täzeledi
Ýewropanyň «Copernicus» klimat gullugynyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň oktýabr aýy meteorologik gözegçilikleriň bütin taryhynda iň yssy oktýabr aýy hökmünde taryha girdi.
Şol döwürde planetamyzdaky howanyň ortaça temperaturasy senagatlaşma döwründen öňki görkezijilerden 1,75 gradus ýokary boldy. Ýere ýakyn howa gatlagynyň ortaça temperaturasy 15,35 gradusa ýetip, bu görkeziji 1991–2020-nji ýyllar aralygyndaky ortaça kadadan 0,9 gradus ýokary boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!