Aşgabatda DJ bilen simfoniki orkestri birleşdirýän konsert geçiriler
13-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde dürli saz äheňlerini birleşdirjek özboluşly «Symphony Beats» konserti geçiriler.
Bu agşam sahnada iki dürli saz älemi — elektron sazyň batly ritmleri bilen simfoniki orkestriň baý we täsirli owazlary sazlaşykly utgaşar. Tomaşaçylara nusgawy saz bilen häzirki zaman elektron sazynyň özboluşly birleşmesi hödürlener.
Ýatdan çykmajak bu konsertiň baş dirižýory Guwanç Saparalyýew bolar. Konsert sagat 19:00-da başlanar.
Bu üýtgeşik saz agşamynyň tomaşaçysy bolmak we petekleri sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:
+993 65 62-81-19
+993 65 03-53-20
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!