NASA-nyň Mars synagyny tamamlan hünärmenleri Ýere dolandylar
378 gün dowam eden synag 2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda üstünlikli tamamlandy. Synaga ýolbaşçy Maksimilian Kross, lukman Sofi Miller, ylmy barlagçy Devid Stark we inžener Oliver Makkal gatnaşdylar.
Synagyň esasy maksady 3D printer arkaly gurlan desgada ýaşamak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, enjamlary abatlamak, şeýle hem Ýer bilen aragatnaşykda 22 minutlyk bökdençligi başdan geçirmek we uzak möhletli üzňeligiň adam bedenine edýän täsirini öwrenmekden ybarat boldy.
Şeýle hem geçen ýyl Astanada amala aşyrylan «SANA-1» taslamasy ýaly sebitdäki gysga möhletli meňzeş synaglar hem alymlara uly tejribe berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!