| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 31.10.2026, 16:15 1

83 ýaşly Kerol Feýr awiasiýa pudagynda 63 ýyl işläninden soň, uçarmanlyk kärini tamamlady

83 ýaşly Kerol Feýr awiasiýa pudagynda 63 ýyl işläninden soň, uçarmanlyk kärini tamamlady

Onuň soňky uçuşy 26-njy oktýabrda Londondan ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherine uçan «American Airlines» awiakompaniýasynyň 733-nji gatnawy boýunça amala aşyryldy. Howa menzilinde Keroly garyndaşlary, dostlary we kärdeşleri garşylady. Awiakompaniýa onuň üçin ýörite hoşlaşyk dabarasyny gurady. Kerol Feýriň uçarmanlyk karýerasy 1963-nji ýylda başlapdy. «American Airlines» ony işe almakdan boýun gaçyrandan soň, ol «Piedmont Airlines» awiakompaniýasyna işe ýerleşdi. Soňra kompaniýalaryň birleşmegi netijesinde bu awiakompaniýa hem «American Airlines-iň» düzümine girdi.

Kerol Feýr onlarça ýyllyk zähmet ýolunda uçarlaryň dürli görnüşlerinde işledi. Ol karýerasyndaky iň ýatda galyjy wakalaryň biri hökmünde 1987-nji ýylda «Piedmont Airlines» kompaniýasynyň Şarlottdan Londona ilkinji uçuşyny görkezýär. Şol gezek Kerol kiçi göwrümli DC-3 uçaryndan Boeing 767 uçaryna geçipdi. Aradan köp ýyl geçenden soň, ol ýene-de şol ugur boýunça uçdy, ýöne bu gezek soňky gezek.

Şeýlelikde, ol ömrüniň esasy bölegini bagyş eden kärini özboluşly ýagdaýda tamamlady. Feýr 83 ýaşynda pensiýa gitmek baradaky kararyny arzuw eden ähli zadyna ýetendigi bilen düşündirdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!