| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 31.10.2026, 16:21 1

Indoneziýada awtobuslaryň täze görnüşleri peýda boldy

Indoneziýada awtobuslaryň täze görnüşleri peýda boldy

Indoneziýanyň Borneýo adasynda ýerleşýän Palankaraýa şäherinde güýçli tokaý ýangynlary sebäpli emele gelen tüsse we gurumdan ejir çekýän ilat üçin täze kömek ulgamy işe girizildi. Lukmançylyk işgärleriniň gözegçiliginde hereket edýän ak-gök reňkli ýörite awtobuslarda ýaşaýjylar zerur kömegi alyp bilýärler.

Raýatlar ilki bilen gysgaça hasaba alyşdan geçip, soňra ýörite enjamlar we turbajyklar arkaly 5–10 minutlap arassa kisloroddan dem alýarlar. Şeýle hem sebitde diňe bir mobil stansiýalar däl, eýsem ýaşaýjylar we ýangyn söndürijiler üçin niýetlenen «kislorod öýleri» atly ýörite merkezler hem hereket edýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!