| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 31.10.2026, 16:23 3

Gün ulgamynda täze jisim tapyldy

Gün ulgamynda täze jisim tapyldy

Wera Rubin obserwatoriýasynyň hünärmenleri Neptunyň orbitasynyň daşynda täze asman jisimini — 2026 ED138 atly obýekti ýüze çykardylar. Bu açyş häzirki wagtda ylmy barlaglarda giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Obýekt ilkinji gezek şu ýylyň mart aýynda bellige alnan bolsa-da, alymlaryň esasy ünsüni oktýabrda çekdi. Geçirilen gözegçilikler onuň hereket ýoluny has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda Günden takmynan 46 astronomik birlik, ýagny 6,88 milliard kilometre golaý aralykda ýerleşýän bu jisim, tassyklanan ýagdaýynda Neptunyň daşyndaky jisimleriň arasynda iň uly we ýagty girdenek planetalaryň hataryna goşulyp biler. Bu derejä eýe bolmak üçin jisim Günüň daşyndan aýlanmaly, ýeterlik massasy bolup şar şekilini almaly, ýöne öz orbitasyny beýleki ownuk jisimlerden doly arassalamadyk bolmaly.

Häzirki wagtda Halkara astronomiýa birleşigi tarapyndan Serera, Pluton, Haumea, Makemake we Erida girdenek planetalar hökmünde ykrar edilýär. Täze tapylan obýektiň hakyky göwrümini we massasynyň ýeterlikdigini doly kesgitlemek üçin goşmaça barlaglar zerurdyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!