Günüň ýüzünde ägirt deşik emele geldi
Günüň ýüzünde şu ýyl emele gelen iň uly koronal deşikleriň biriniň Ýere tarap gönükendigi mälim edildi. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň (IKI) we Gün-Ýer fizikasy institutynyň (ISZF) Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, uzynlygy takmynan bir million kilometre ýetýän bu deşikden çykýan ýokary tizlikli Gün ýeliniň akymy şu gün, ýagny 6-njy noýabrdan 7-nji noýabra geçilýän gije Ýere ýetip başlar.
Hünärmenleriň hasabatlarynda bu hadysanyň birnäçe gün dowam etjekdigi, Ýeriň magnit meýdanynyň diňe indiki hepde, ýagny 13–14-nji noýabr aralygynda doly durnuklaşmagyna garaşylýandygy aýdylýar.
Şeýle hem iň güýçli geomagnit üýtgemeleriniň 7-nji noýabra geçilýän gije ýüze çykyp biljekdigi, galan günlerde bolsa ýagdaýyň Gün plazmasynyň akymynyň hakyky häsiýetlerine baglylykda üýtgejekdigi bellenilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!