| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 05.11.2026, 13:07 4

60 ýaşly amerikaly 1 207 film görüp, Ginnesiň rekordyny goýdy

60 ýaşly amerikaly 1 207 film görüp, Ginnesiň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Ýork-Heýwen şäherinde ýaşaýan 60 ýaşly Glenwud Hoskin kinoteatrda tomaşa eden filmleriniň sany boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir ýylyň dowamynda 1 207 filme tomaşa edip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu bolsa günde ortaça üçden gowrak film diýmekdir.

Hoskin özüniň bu adaty bolmadyk kinomarafonyny 2024-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň apreline çenli ýerli kinoteatrda geçirdi. Ýokary netijä ýetmek üçin ol görkezilişleriň tertibini öňünden içgin öwrenip, kinoteatryň gapylary açylan pursadyndan iň soňky görkeziliş tamamlanýança şol ýerde wagtyny geçiripdir.

Mundan öňki rekord hem amerikaly Zakariý Swoupa degişli bolup, ol bir ýylda 777 filme tomaşa edipdi. Hoskin bolsa aýlyk tölegi bary-ýogy 28 dollar bolan çäksiz abunalykdan peýdalanmak arkaly bu görkezijiden ep-esli öňe geçdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!