| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 05.11.2026, 13:12 6

Angliýada müňlerçe garynja ogurlandy

Angliýada müňlerçe garynja ogurlandy

Angliýanyň Dewon graflygyndaky Çadli-Naýton-Hit tebigy goraghanasynda adaty bolmadyk jenaýat hasaba alyndy. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, näbelli adamlar ýurtda iň seýrek duş gelýän inçebaş garynjalaryň bir koloniýasynyň hinini bütinleý gazyp äkidipdirler.

Garynjalaryň bu özboluşly görnüşi Angliýa boýunça diňe şu kiçijik goraghanada saklanyp galypdyr. Şol sebäpli hatda bir koloniýanyň ýitirilmegi hem olaryň tutuş populýasiýasyna uly zarba bolup biler.

Ýitgini ekologlar oktýabr aýynyň ortalarynda geçirilen meýilnamalaýyn barlag wagtynda ýüze çykardylar. Hünärmenler öňki garynja hininiň ýerinde çukur we pil ýaly zähmet gurallarynyň yzlaryny tapdylar. Çaklamalara görä, näbelli ogrylar müňden bäş müňe çenli garynjany alyp gidipdirler.

Garynjalaryň näme üçin ogurlanandygy barada ekologlar iki çaklamany öňe sürýärler: olary başga ýere göçürmek ýa-da hususy kolleksiýa goşmak islegi. Emma hünärmenler garynja hinini degişli tejribesiz özbaşdak täze ýere göçürmegiň örän howpludygyny duýdurýarlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!