| Ashgabat | 20°C
Dünýaden 03.11.2026, 16:27 4

4000 ýyl ozalky itiň aýak yzlary tapyldy

4000 ýyl ozalky itiň aýak yzlary tapyldy

Anadolunyň gadymy taryhy ýene-de bir gyzykly tapyndy bilen baýlaşdy. Kütahýa welaýatynyň çäginde ýerleşýän we bürünç asyrynyň iň möhüm merkezleriniň biri hasaplanýan Tawşanly Höýük sebitinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gadymy döwürden galan täsin kerpiç ýüze çykaryldy. Alymlar bu artefaktyň takmynan 4 müň ýyllyk taryha eýedigini çaklaýarlar.

Milli Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň beren maglumatyna görä, bu üýtgeşik ýagdaý gadymy döwürde gurluşyk işleri alnyp barlan wagty ýüze çykypdyr. Entek doly gurap ýetişmedik ýumşak toýun kerpijiň üstünden it basyp geçipdir. Wagt geçip, bu ýerde bolan güýçli ýangyn sebäpli oba weýran bolan hem bolsa, toýun kerpijindäki aýak yzy hiç hili zaýalanman, şu günlere çenli gelip ýetipdir.

Meýdany 45 gektara barabar bolan Tawşanly Höýük gadymyýetde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Hünärmenleriň pikiriçe, bu ýer 3700 ýyl töweregi mundan ozal, ýangyn sebäpli ýykylyp-ýitmezinden ozal, tutuş sebitiň paýtagt şäheri bolupdyr. Şäherçäniň taryhy bolsa 8 müň ýyla uzap gidýär.

Bu gadymy obanyň çäginde mundan ozal hem möhüm taryhy açyşlar edilipdi. Hususan-da, barlaglaryň dowamynda ýaşy 4500 ýyla barabar bolan jemi ýedi sany kiçi adam şekilli butjagaz tapylypdy. Arheologlar bu ýerdäki gazuw işlerini dowam etdirip, taryhyň täze syrlaryny açmagy maksat edinýärler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!