| Ashgabat | 19°C
Dünýaden 04.11.2026, 11:51 1

Google-a garşy täze derňew başlandy

Google-a garşy täze derňew başlandy

Türkiýäniň monopoliýa garşy göreş edarasy emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda bäsdeşlik kanunçylygynyň bozulandygy baradaky gümanlar sebäpli «Google» korporasiýasyna garşy giň gerimli derňew işini başlatdy.

Derňew çäreleri ABŞ-nyň «Alphabet Inc.» korporasiýasyna degişli birnäçe düzüm birligini, şol sanda «Google Ireland Limited», «Google LLC», «Google International LLC» hem-de Türkiýedäki «Google Advertising and Marketing Ltd.» şahamçasyny öz içine alýar.

Wagtlaýyn girizilen çäklendirmelere görä, gözegçilik edarasy kompaniýa habar beriş serişdeleriniň mazmunyny öz emeli aň ulgamlaryna mejbury ýagdaýda goşmagy gadagan etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!